JEMGYÝET

Çärjew etrabynda Täze ýyl dabarasy geçirildi

Çärjew etrap häkimliginiň uly zalynda döwletli çagalar üçin Täze ýyl dabarasy guraldy. Onda Türkmenistanyň Demokratik we Agrar partiýalarynyň etrap komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, hukuk goraýjy edaralaryň we Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň wekilleri olara sowgat gowşurdylar.

Soňra «Ýalkym» toý mekanynda baýramçylyk dabarasy bolsy. Bu ýerde çagalar üçin konsert guraldy, baýramçylyk nahary berildi.

Şeýle çäreler Lebap welaýatynyň beýleki etraplarynda hem boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: