MEDENIÝET

Ýylyň iň gowy muzeýleri belli edildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde welaýat, şäher etrap, oba merkezleriniň hem-de muzeý şahamçalarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenildi.

Bäsleşigiň netijelerine görä, Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi «Ýylyň iň gowy welaýat muzeýi» diýen ada mynasyp boldy. «Ýylyň iň gowy şäher muzeýi» diýen ada Daşoguz şäheriniň Bagşylar muzeýi, «Ýylyň iň gowy etrap muzeýi» diýen ada Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Magtymguly Pyragy muzeýi, «Ýylyň iň gowy oba muzeýi» diýen ada Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň S.Çerkezow adyndaky geňeşliginiň Taryh muzeýi, «Ýylyň iň gowy muzeý şahamçasy» diýen ada Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Baýramaly etrabynyň Mekan şäherçesindäki şahamçasy eýe boldular. Ýeňiji bolan muzeýlere degişli diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: