SPORT WE SYÝAHAT

Şu gün Tokioda tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlanýar

Şu gün Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy bolar.

Eýsem, oýunlar oňa gatnaşyjylarda we sport muşdaklarynda nähili täsirleri galdyrdyka? Bu barada näçe gürrüň etseň hem, edibermeli.  Şonuň üçin hem,  türkmenistanly türgenler we olaryň muşdaklary üçin ýatdan çykmajak wakalar hakynda gysgaça durup geçeliň. Bu ýaryşlarda agyr atletikaçylar gowy netijeleri görkezdiler.

Sport ussady Polina Gurýewanyň agyr atletika boýunça kümüş medal gazanmagy ýatda galjak wakalaryň esasysy. Bu Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa kümüş medalydyr. Polina Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby . Ol bu ýeňşi 14 ýurduň 59 kilograma çenli agram derejesindäki wekilleri bilen bäsleşikde gazandy. Iki görnüşli ýaryşda türkmen agyr atletikaçysy özi üçin örän gowy netijäni (217 kilogram) görkezdi (silkip – 96 kilogram, itekläp – 121 kilogram).

 

 

Türkmenistanly agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýew bolsa 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş eden 13 ýurduň wekilleriniň arasynda dördünji orny eýeledi. Ol ýaryşyň iki görnüşiniň jemi boýunça  414 kilogram (silkip götermek – 184 kilogram, itip götermek – 230 kilogram) netije göterdi.

 

Kristina Şermetowa 55 kilograma çenli agramda bolsa 14 ýurtdan zenan türgenleriň arasynda güýçlüleriň altylygyna girdi. Ol jemi 205 kilogram (silkip götermek — 90 kilogram, itip götermek — 115 kilogram) netije görkezdi.

 

Öwez Öwezow bolsa 109 kilogram agram derejesine çenli 14 türgeniň arasynda ilkinji onluga düşmegi başardy. Ol jemi 371 kilogram (silkip götermek —171 kilogram, itip götermek — 200 kilogram) göterdi.

 

Bu oýunlara Türkmenistandan dokuz türgen gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: