Üç aýda üç milliard dollar gazandy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Moderna Inc» kompaniýasy koronowirusa garşy waksina işläp taýýarlap, şu ýylyň ikinji çärýeginde girdejisini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende 5 esse artdyrdy. Şeýlelikde, kompaniýanyň arassa girdejisi 3 milliard dollara barabar boldy, diýip «atavatan-turkmenistan.com» ýazýar. Aprel ― iýun aýlary aralygynda kompaniýa 4,4 milliard dollar girdeji aldy. Geçen ýyl bolsa şu aralykda 67 million dollarlyk girdeji hasaba alnypdy. Ýylyň birinji ýarymynda geçen ýyl 75 million dollar girdeji alnan bolsa, bu ýylky girdeji 6,3 milliard dollara ýetdi.