Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Lebap welaýatynyň Seýdi şäheriniň ýaşaýjysy karting ýasady

Aug 7, 2021

Lebap welaýatynyň Seýdi şäheriniň ýaşaýjysy Asker Rozybaýew öz eli bilen karting ýasady. Munuň üçin ol gol astynda bar bolan materiallardan peýdalanypdyr. Ýetmediklerini bazardan satyn alypdyr.

Ol hereketlendiriji hökmünde adaty benzinde işleýän suw nasosyny alypdyr. Durkuny armaturadan, diametri 15 millimetre barabar turbalardan ýasapdyr. Tigrini bazardan satyn alypdyr. Şonuň ýaly-da, dürli detallaryny ýasamak üçin «GAZ-53» kysymly maşynyň, ýeňil awtomaşynlaryň, welomotoryň şaýlaryny ulanypdyr. Asker bu maşyny ýasamak üçin on gün sarp edendigini aýdýar. Ony ýedi ýaşly ogly Azat Serdarow ussatlyk bilen dolandyrýar.

 

Asker Rozybaýew iki ýokary okuw jaýyny tamamlady. Ol ilki bilen Ukrainanyň Odessa milli politehniki uniwersitetiniň awtomobil ulaglary fakultetinde okady. Ony tamamlandan soň admiral Makarow adyndaky Nikolaýew milli gämi gurluşyk uniwersitetini gutardy. Ondam ozal Seýdi we Türkmenbaşy şäherlerinde liseýleri tamamlady. Häzir «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde mehanik bolup işleýär. Işi çalşykly. Boş wagtlaryny dürli zatlary ýasamaga sarp edýär.

 

Asker tehnika bilen orta mekdepde okan döwründen bäri gyzyklanyp gelýär. Häzirki ýasan kartingiň hereketlendirijisinden hereket tigirlere zynjyr arkaly göni geçirilýär. Şonda-da, ol sagatda 40 kilometr töweregi çaltlyk bilen ýöräp bilýär. Ol şular ýaly kartingiň ýene birini taýýarlaýar. Onda tizligi üýtgediji mehanizm hem bolar.

Adblock
detector