YKDYSADYÝET

Ştapel polotnosynyň aýda 120 müň metri dokalýar

Türkmenabat şäherindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Begşaha» hususy kärhanasynda zenanlara niýetlenen ştapel polotnosynyň aýda 120 müň metri dokalýar. Bu mata görnüşi nah we wiskoza garyndyly matalaryň utgaşygyndan taýýarlanylýar we adam bedenine örän ýakymlylygy bilen tapawutlanýar.

Hususy kärhanada işler doly awtomatik usulda ýola goýlup, ştapel polotnolaryny dürli görnüşde öndürilýär. Şoňa görä-de, kärhananyň degişli hünärmenleri bu matalaryň dürli güllerdir reňkler bilen bezelen täze-täze dizaýnlaryny taýýarlap, olary dessin önümçilige goşýarlar. Şonuň bilen birlikde, pasla görä geýmek üçin ştapel polotnolarynyň dürli galyňlyk ölçeginde bolmagy hem ünsden düşürilmeýär. Şeýle döredijilikli gözlegler we bahalaryň elýeterli bolmagy taýýar önüme bolan islegiň has-da artmagyna, harydyň geçginli bolmagyna şert döredýär. Häzirki wagtda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bu önüm ýerli bazarlara we hususy telekeçilere ugradylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: