JEMGYÝET

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli wagtlaýyn sergi açyldy

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem «Bitaraplyk — parahat we abadan ösüş» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň, Çärjew etrap kazyýetiniň wekilleri hem-de Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Onuň çäklerinde ylmy maslahat hem geçirildi.

Myhmanlar muzeýiň giň sergiler zalynda ýaýbaňlandyrylan sergide Bitaraplyk binasynyň owadan suratlaryny synlap, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy barada gyzykly maglumatlar bilen tanşyp bilerler. Şeýle-de sergide Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Alymjan Işankulyýewiň talyplarynyň çeken suratlary hem öz ornuny tapdy. Sergi öz işini baýramçylyk günlerine çenli dowam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: