YKDYSADYÝET

Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýalary Türkmenistandaky «Galkynyş» gaz känini özleşdirmäge gatnaşarlar

Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýalary Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlaryna işjeň gatnaşarlar.

Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BFE-ne eden resmi saparynyň jemi boýunça gol çekilen Türkmenistanyň we birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Jarnamasynda aýdylar.

«Taraplar Birleşen Arap Emirlikleriniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşmaklary barada ylalaşdylar» diýlip resminamada bellenilýär.

«Gaffney, Cline & Associates» britan kompaniýasynyň öwrenenlerinden soň gelen netijesine görä, «Galkynyş» gaz käninde 27 trillion kub metr töweregi tebigy gaz gory bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: