MEDENIÝET

Şygryýet bäsleşigi geçirildi

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplarynyň arasynda şygryýet bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşige ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan talyplar gatnaşdylar. Olar Magtymguly Pyragynyň goşgularyny, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, türkmen tebigatyny we umumadamzat gymmatlyklaryny wasp edýän goşgulary labyzly okamak boýunça bäsleşdiler. Emin agzalary talyplaryň goşgy setirleriniň dogry we doly manysyny ýüze çykaryp ýatdan aýtmak, artistlik ukyplaryny ses, hereket, obraz döretmek arkaly ýüze çykarmak boýunça başarnyklaryna baha berdiler. Şygryýet bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary has-da şowly çykyş etdiler.

Ýeňiji bolan talyplar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan degişli diplomlar hem-de uniwersitetiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.