LUKMANÇYLYK

«Sputnik V» waksinasyna täze ştammynyň garşysyna üýtgetme girizdiler

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Gamaleý adyndaky Merkezi «Sputnik V»-niň «delta’ ştammyna garşy görnüşini işläp taýýarlady, diýip edaranyň ýolbaşçysy, RYA-nyň akademigi Aleksandr Ginsburg gürrüň berdi. Bu barada «Российская газета» ýazýar.

Ol waksinanyň gurluşynyň «sowadyjydadygyny» habar berdi, ýöne ol öňki görnüşinden, şonuň ýaly-da, has howply mutasiýalaryndan netijeli boljakmy ýa-da ýok, entek öňünden aýtmagyň irdigini belledi.

Rus ekspertleri ozal bar serişdeleriň «delta» ştammyna garşy hem netijelidigini, şonuň üçin hem täze preparatlary işläp taýýarlamagyň zerurlygynyň ýokdugyny, emma geljekde beýleki çözgütleriň gerek bolmagynyň mümkindigini belläpdiler.

Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, «Sputnik V»-niň «delta» ştammyna garşy netijeliligi 83%-e barabardyr. Şonda waksina infeksiýanyň agyr görnüşleriniň ösmek howpuny 95% peseldýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: