LUKMANÇYLYK

Türkmenistan we Hytaý lukmançylyk boýunça hyzmatdaşlygy giňelderler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna eden döwlet saparynyň dowamynda iki ýurduň arasynda lukmançylyk we sagygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyga geldiler.

Bu barada: «Taraplar lukmançylyk we saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi, adaty lukmançylyk ulgamynda alyşmalary berkitmegi, Türkmenistanda adaty lukmançylyk merkezini bilelikde döretmegi hem-de dermanlyk ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek, adaty lukmançylygyň kömegi bilen keselleri anyklamak, bejermek babatda hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar. Hytaý tarapy lukmançylyk hünärmenlerini taýýarlamakda ýardam bermäge hem-de keselleriň öňüni almakda türkmen tarapy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, saglygy goraýyş, uzak aralykdan lukmançylyk babatda adatdan daşary çäreleri görmäge, adamzadyň saglygyny goraýyş Bileleşigini döretmegi ilerletmäge taýýardyr, diýlip, döwlet saparynyň netijeleri boýunça iki döwletiň ýolbaşçylarynyň gol çeken bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: