LUKMANÇYLYK

Türkmenistana COVID-19 ýokanjy anyklamak üçin PZR testleriniň täze tapgyry gowşuryldy

BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan çarşenbe güni Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine COVID-19 ýokanjy anyklamak üçin Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PRZ) testleriniň nobatdaky tapgyry gowşuryldy. Bu barada «business.com.tm» habar berýär.

Guramanyň ýaýradan metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bu tapgyr Bütindünýa banky tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek» taslamasynyň çäklerinde gowşuryldy. Tapgyr jemi 193 müň testden ybarat bolup, onuň bahasy 998 müňden gowrak ýewro barabardyr.

Bu taslamanyň umumy bahasy 20 million ABŞ dollaryna barabar bolup, ol BMGÖM we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurtdaky wekilhanasy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Taslamanyň wezipesi COVID-19 pandemiýasyna taýýarlylygy güýçlendirmäge we oňa jogap bermäge ýardam bermekden ybaratdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: