BILIM

Mugallymlar alty günläp okuwçylaryň ornunda boldular

Lebap welaýat baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlaryň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezinde iňlis dili mugallymlarynyň okuwlary tamamlandy.

Türkmenabat şäherinden we welaýatyň etraplaryndan gelen mugallymlar bir hepdäniň diýen ýaly dowamynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» görkezilenleri ýerine ýetirmek barada edilýän talaplar bilen tanyşdyryldy. Şonuň ýaly-da, olar okatmagyň täze usullaryny iş tejribesine ornaşdyrmak, sapaklarda kompýuterleriň, multimediýa serişdeleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça öňde baryjy mugallymlaryň tejribesini öwrendiler. Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň tejribeli mugallymlary sapaklarda sanly ulgamy, okuwyň gidişine okatmagyň interaktiw usullaryny ornaşdyrmak barada gürrüň berdiler. Okuwlaryň dowamynda rolly oýunlara aýratyn orun berildi. Mugallymlar okuwçylaryň ornunda bolup, multimediýa serişdelerinden peýdalanmagyň, okatmagyň interaktiw usullarynyň temalary öwretmekdäki, okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek we bilim almak ukyplaryny ösdürmekdäki ornunyň uludygyna göz ýetirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: