SPORT WE SYÝAHAT

Spartakiada jemlendi

Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda Lebap welaýatynyň wekilleri hem üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlara eýe boldular.

Däbe öwrülen spartakiadanyň jemleýji dabarasy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda geçirildi.

Onuň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň 9 görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda welaýatymyzyň ýygyndysynyň ýurdumyz boýunça üçünji orny eýeländigini nygtamak isleýäris. Şunda sportuň käbir görnüşleri boýunça lebaply mekdep okuwçylarynyň çempion bolandygyny hem aýtmaly. Ýeri gelende aýtsak, mekdep okuwçylarynyň ýaryşynda Aşgabat şäheriniň ýygyndysy birinji, Mary welaýatynyň ýygyndysy ikinji orunlary eýeledi.

Gündogar sebitiň wekilleri welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda hem üstünlikli çykyş etdiler. Olar sportuň 9 görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda ikinji orny eýelediler.

Spartakiadanyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: