SPORT WE SYÝAHAT

Dänewli küştçi gyz Aziýanyň wise-çempiony boldy

Dänewli 17 ýaşly küştçi gyz Lala Şöhradowa ýene bir halkara üstünligini gazandy. Ol paýtagtly Amanmuhammet Hommadow bilen bilelikde 18 ýaşdan kiçi ýetginjekleriň arasynda jübütleýin çykyş etmek boýunça Aziýanyň çempionatynda kümüş medalyň eýesi boldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen yklym ýaryşyna 21 döwletden türgenleriň 42-si gatnaşdy.

Türkmenistanyň çempiony Lala Şöhradowa ýaryşda 7,5 utuk gazanyp, birinji orny eýelän indoneziýaly bäsdeşi Laýse Latifeden bary-ýogy ýarym utuk yza galdy.

Bu Lalanyň onlaýn ýaryşlardaky ilkinji çykyşy däldir. Ol geçen ýyl «Queens Online» Bütindünýä küşt festiwalynda hem «B» derejede birinji orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy bolsa şol ýaryşda üçünji orny eýeledi.

Ýeri gelende aýtsak, şu gezekki yklym ýaryşynda ýurdumyzyň ýygyndysy ýaryşyň altyn medalyna mynasyp bolan Indoneziýanyň milli ýygyndysyndan 1 utuk yzda galdy. Türkmen ýetginjekleri ýaryşda mümkin bolan 18 utugyň 15-sini gazandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: