Güýzki at çapyşyk möwsümi Lebap welaýatynda dowam etdi

Oct 12, 2020

Geçen ýekşenbe güni güýzki at çapyşyk möwsümi Lebap atçylyk sport toplumynda dowam etdi. Oňa diňe welaýatyň çäginden däl, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde seýislenýän bedewler gatnaşdyryldy. Jemi bäş çapyşykdan ybarat bolan ýaryşlarda 35 bedew ýelden ýyndam tizligini ýene bir ýola ykrar etdirdi.
Lebap atçylyk sport toplumynda geçirilen ýaryşlaryň
birinji çapyşygynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Gülýaka atly dor gysragy (seýisi H.Babalyýew, çapyksuwary Ý.Jummadow);
ikinji çapyşygynda Lebap welaýat häkimliginiň Bagtyýar atly dor aty (seýisi S.Garaýew, çapyksuwary T.Taýlyýew);
üçünji çapyşygynda Türkmenabat şäher häkimliginiň Jeýhun atly al aty (seýisi D.Pirnazarow, çapyksuwary A.Bagtyýarow);
dördünji çapyşygynda Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň Keýmir atly al aty (seýisi we çapyksuwary M.Tejenow);
bäşinji çapyşygynda Lebap welaýat häkimliginiň Gelşikli atly dor aty (seýisi G.Nurmämmedow, çapyksuwary T.Taýlyýew) ýeňiji boldy.
Ýeňiji bolan bedewlere we olaryň çapyksuwalaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: