SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply agyr atletikaçy Seýitjan Mirzaýew Türkmenistanyň çempiony boldy

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatynda erkekleriň arasynda 61 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryş 26 ýaşly tejribeli agyr atletikaçy Seýitjan Mirzaýewiň çempionlygy bilen tamamlandy, diýip «Türkmenportal» ýazýar.


Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzasy, dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi (2019-njy ýyl) Seýitjan Mirzaýew özüniň ussatlygyny nobatdaky gezek subut etdi. Ol ýurdumyzyň açyk çempionatynda ştangany silterläp we itekläp götermek boýunça 265 kilogramlyk netije görkezip, ikinji orny eýelän bäsdeşinden 28 kilogram öňe saýlandy. Indiki ýyl Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşmaga taýýarlanýan türgen ştangany götermegiň birinji usulynda 125, ikinji usulynda bolsa 140 kilogram agyrlygy eýgerdi.
Türkmenistanyň çempiony Seýitjan Mirzaýewiň şu ýyl VI Halkara raýdaşlyk çempionatynda bürünç medaly eýeländigini hem ýatladýarys. Soňky ýyllarda iň üstünlikli çykyş edýän türkmenistanly agyr atletikaçylaryň birine öwrülen türgen geçen ýyl halkara ýaryşlaryň ikisinde ― Kataryň kubogynda we Naýym Süleýmanoglunyň hatyrasyna bagyşlanan ýaryşda kümüş medal eýeläpdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply