TARYH

Gadymy binalaryň galyndylaryny gözlediler, ýöne gala tapdylar

Türk arheologlary bir ýyl töweregi mundan ozal Mugla prowinsiýasynyň günorta-günbataryndaky Ulin etrabynda başlanan gazyp agtaryş işlerini tamamladylar, diýip «Российская газета» ýazýar. Geçen döwürde olara birnäçe asyrlap duran orta asyr galasynyň diwarlarynyň üstüni açmak başartdy. «Daily Sabah» gazyp-agtaryş işleriniň Akýaka şäherinde öň belli bolmadyk taryhy ýerleri anyklamak üçin başlanandygy barada habar berýär. Täsin ýeri, ol ýer ozal öwrenilen hasap edilýärdi. Şonuň üçin hem, garaşylmadyk açyş hemmeleri haýran galdyrdy. Alymlar gadymy binalaryň galyndylaryny tapmakçydylar we gala taparys diýip pikirem etmeýärdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: