YKDYSADYÝET

Soganyň 124 tonnasyny Owganystana eksport etdi  

«Ruh» hojalyk jemgyýetiniň bu azyklyk ekinden ençeme tonna hasyl alyp, onuň 124 tonnasyny Owganystana eksport etdi.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäginde ýerleşýän bu hojalyk jemgyýeti döwlet tarapyndan berlen 100 gektara golaý ýerden sogandan başga-da, ençeme gektar ýerde gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýärler. Milli daýhançylyk däpleri bilen häzirki zaman usullaryny utgaşdyryp ideg edilen ýerlerde şu günler hasyl bary ýygnalýar we içerki bazarlarda alyjylara hödürlenildi. Soganyň bol hasylyndan tapgyrlaýyn eksporty ýola goýan hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda eksport amallary babatda netijeli işleri alyp barýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: