YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky kärhanada 1 million manatlyk iş edildi

Şu günler Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynyň işçi-hünärmenleri ekişde ulanylýan tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Gowaça ekişinde ulanylýan dürli kysymly tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlaryny abatlamak we täzeden ýasamak boýunça buýurmalar öz wagtynda ýerine ýetirilýär. Bu bolsa gowaça ekişiniň hiline hem-de depginine oňyn täsirini ýetirýär. Şoňa laýyklykda şu ýylyň mart—aprel aýlarynda işleriň möçberi has köpeldi. Muňa seretmezden, işler meýilleşdirileninden hem daşary artygy bilen ýerine ýetirilýär. Eýýäm ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler bir million manatlyga golaýlady. Bu bolsa bellenilen meýilnamanyň tas iki esse berjaý edilendigini görkezýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: