BILIMTÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebaply okuwçylar taslama bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelediler

Lebap welaýatyndaky orta mekdepleriň okuwçylarynyň dokuzy taslama bäşleşiginiň döwlet tapgyrynda baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Oňa «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde geçirilen taslama bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşdylar. Onda lebaply okuwçylaryň biri birinji, ikisi ikinji, altysy bolsa üçünji orunlary eýelediler. Emin agzalarynyň karary bilen bäsleşige gatnaşan lebaply okuwçylaryň ýene-de dördüsine höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.
Baýrakly orunlary eýelänleriň bäşisi Türkmenabat şäherindäki, ikisi Dänew, biri Çärjew we ýene biri Darganata etraplaryndaky orta mekdepleriň 10-njy we 11-nji synplarynda okaýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply