ÝUNESKO kafedrasynyň işi giňeýär
Hünärleriň 16-sy boýunça 5 müňe golaý talyba bilim berýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO» kafedrasynda ylmy gözlegler bilen professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň hem uly toplumy meşgullanýar.
Kafedrada hereket edýän ekologik geňeşiň jemi 42 agzasy bolup, olaryň ikisi professorlyk derejesine ýeten halypalardyr. Has takygy, geňeşiň agzalarynyň arasynda bu kafedranyň müdiri, geografiýa ylymlarynyň doktory Röwşen Genjiýew bilen filologiýa ylymlarynyň doktory Narbibiş Şamaýewa hem bar. Şeýle-de bu geňeş ylymlaryň kandidatlarynyň sekizisini, aspirantlaryň, dalaşgärleriň, magistrantlaryň we talyplaryň birnäçesini özünde jemleýär.
Her aýda ekologiki geňeşiň agzalary bilen bilelikde Fransiýanyň Pariž şäherindäki bilermenleriň arasynda onlaýn okuwlar guralýar. Ylmy maksatly okuwlara geňeşiň agzalary hem işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi kafedrada geljekki meýilleşdirilýän işleriň öňe ilerlemegine oňyn ýardam edýär.