BILIM

Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary göçme amaly sapagyny geçdiler

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary Türkmenabat şäheriniň awtomenzilinde göçme amaly sapagyny geçdiler, diýip «Türkmen gündogary» gazetiniň saýtynda habar berilýär.

Talyplar bu ýerde alnyp barylýan işler, onuň bölümlerinde ornaşdyrylan sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Tanyşlyk awtomenziliň dispetçer nokadyndan başlandy. Soňra talyplar mugallymyň ýolbaşçylygynda ýolagçylara petek satýan bölümleriň işleýşi bilen tanyşdylar. Sanly ulgamyň iň täze gazananlary bilen üpjün edilen bu bölümde ýolagçylara dessine hyzmat etmek üçin ähli şertler döredilipdir. Mälim bolşy ýaly, awtomenzil bir günde 700 ýolagça hyzmat edýär.

Awtomenziliň sowal-jogap bölüminiň hünärmeni bilen geçirilen söhbetdeşlikde talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap alyp bildiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: