BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň giriş synaglary 15 günläp dowam eder

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda dalaşgärleriň giriş synaglary 15 günläp dowam eder. Has takygy, 2-nji awgustda başlanjak synaglar 15-nji awgustda tamamlanar.

Türkmen metbugatynda habar berlişi ýaly, 2-3, 6 we 8-nji awgustda Mary, 4-5, 7 we 9-njy awgust günlerinde Daşoguz, 10-11-12, 13-14 we 15-nji awgustda Lebap welaýatynyň dalaşgärleri giriş synaglaryny tabşyryp bilerler.

Dalaşgärlerden resminamalar şu gün ― 17-nji iýulda kabul edilip başlandy, bu möwsüm 30-njy iýulda tamamlanar.

Şu ýyl bu ýokary okuw mekdebinde täze hünärleriň ýene-de ikisiniň açylandygyny ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: