SPORT WE SYÝAHAT

Dünýäniň iň gymmat düzümli futbol kluby özgerdi

«Arsenal» merkezi ýarym goragçy Deklan Raýs bilen şertnama gol çekenden soň iň gymmat düzüme eýe bolan kluba öwrüldi.

Şenbe güni London kluby 24 ýaşly oýunçyny 105 million funta («Transfermarkt» portalynyň maglumatlaryna görä 116,6 million ýewro) satyn aldy. Şondan soň, toparyň futbolçylarynyň umumy bahasy, 1,21 milliard ýewro boldy.

Ikinji orunda «Mançester Siti» (1,19 milliard ýewro), üçünji orunsa PSŽ (1,03 milliard ýewro) bar.

«Real Madrid» (991 million) we «Bawariýa» (894,5 million) toparlary düzümindäki bahasy boýunça güýçli bäşligi jemledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: