YKDYSADYÝET

«Türkmen ojagy» hususy kärhanasynda önüm öndürilişi artýar

Öz işini Türkmenabat şäherinde alyp barýan «Türkmen ojagy» hususy kärhanasynda geçen ýyl geýimlik we mebel üçin nah pagtanyň 1014 tonna ýakyny öndürildi. Önümiň umumy bahasy 4 million 187 müň  manatlykdan gowraga barabar boldy.

Kendir görnüşli watiniň 633720 metri, kendir matanyň 484720 metri öndürildi. Regenirlenen ýüplügiň mukdary bolsa 429,5 kilogramdan geçdi. Bularyň ählisi hem 2021-nji ýylyň görkezijilerinden ep-esli ýokarydyr. Ol önüminiň bir bölegini Türkiýä we Gyrgyzystana eksport etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: