YKDYSADYÝET

Kerki etrabynda ýetişdirlen pomidor daşary ýurtlara eksport edilýär

Kerki etrabynyň Daşlyk geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, umumy meýdany 4 gektara deň bolan Batyr Rozyýewe degişli ýyladyşhanasynda ýylyň başyndan bäri pomidoryň täze hasylyny ýygyp başladylar.

Ýyladyşhana 2022-nji ýylda işe girizildi. Geçen ýyl  bu ýerde 900 tonna pomidor ýygnaldy we onuň 100 tonnadan gowragy daşary ýurtlara iberildi. Önüm Täjigistana, Gazagystana we Russiýa Federasiýasyna eksport edildi.

Ýyladyşhana oturdylan hem düýp nahalyň 30-35 kilogram bermegine garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: