Lebap welaýatynda 224 sany durmuş-medeni desgalar guruldy  

Lebap welaýatynda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda 11 sany hassahana, 38 sany saglyk öýi, 69 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 41 sany orta mekdep, 17 medeniýet öýi, 32 sport mekdebi, 16 sany sport desgasy gurulyp, ulanylmaga tabşyryldy. Netijede täze gurulan durmuş-medeni desgalaryň sany 224-e ýetdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasy» 2007-nji ýylda kabul edildi. Ol halkyň arasynda «Oba milli maksatnamasy» ady bilen bellidir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector