YLYM WE TEHNIKA

Hususy kompýuterleriň eýeleriniň arasynda «Windows 11»-den peýdalanyjylaryň sany bir göterimden sähel geçýär

«Microsoft»-niň täze operasion ulgamyndan hususy kompýuterleriň eýeleriniň bir göterimden gowragy peýdalanýar. Bu barada  «Windows Central» neşiri habar berýär, diýip «lenta.ru» ýazýar.

Seljerijiler «Microsoft»-nyň operasion ulgamyndan peýdalanyjylaryň 1,3 göterimden sähel köpüsiniň täze «Windows 11»-e geçendigini ýüze çykardylar. Olaryň sany yzygider artmak bilen.

«Windows 10»-yň «21H1» görnüşinden peýdalanýanlaryň sany has köp, olar umumy ulanyjylaryň 38,1 göterimini düzýärler. Onuň «20H2» görnüşinden peýdalanýanlar ikinji orunda ýerleşýärler — 36,1 göterim. «Windows 10»-yň meşhur görnüşinden peýdalanýanlaryň üçlügine «2004» görnüşinden peýdalanýanlar hem girýärler. Olaryň paýy 14,5 göterime barabar. Operasion ulgamynyň beýleki görnüşlerinden peýdalanylyşy bäş göterim töwereginde üýtgäp durýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: