SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply samboçy Sabina Agajanowa Aziýanyň çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy

Lebaply samboçy Sabina Agajanowa Liwanyň Juniýa şäherinde geçirilýän Aziýanyň çempionatynda söweş sambosy boýunça kümüş medala mynasyp boldy.

Ýaryşyň başlanan ilkinji gününde Sabina Agajanowa 80 kilogramdan uly agram derejede çykyş edip, çempionlyk ugrundaky aýgytlaýjy tutluşykda gazagystanly Anar Seitimowadan ýeňildi.

Sabina häzir Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby. Ondan ozal ýaş türgen Türkmenabat şäheriniň 4-nji sport mekdebinde Baýram Halyllaýewiň elinde türgenleşipdi. Ol 2016 ― 2017-nji ýyllarda jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionatlarynda kümüş we bürünç medallary eýeläpdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: