JEMGYÝET

Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýokary amatlykly döwrebap ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi

Ahal welaýatynyň polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin niýetlenilen bu täze ýaşaýyş jaýy Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli özboluşly sowgat boldy.

«Ahal durmuşy» gazetiniň habar bermegine görä, welaýat merkezinde täze gurulýan ýaşaýyş toplumynda bina edilen bu ýaşaýyş jaýy 4 gatly, 48 öýli bolup, iki, üç, dört otagly öýlerden ybaratdyr. Şeýle hem öýler ýokary hilli mebeller we beýleki hojalyk enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: