SPORT WE SYÝAHAT

Dänewde küşt boýunça etrap birinjiligi geçirildi

Dänew etrabynyň 1-nji sport mekdebinde 8, 10, 12, 14 we 16 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda küşt boýunça etrabyň açyk birinjiligi geçirildi. Oňa ýaş türgenleriň 150-ä golaýy gatnaşdy. Olar bu sortuň üç — adaty, rapid we blis görnüşleri boýunça öz aralarynda güýç synanyşdylar. Ilki bilen küştçüler öz ýaş derejelerinde adaty görnüşi boýunça bäsleşdiler. Onuň netijeleri boýunça 8 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Alihan Seýitjanow we Mähriban Begendikowa dagylar hemmelerden öňe saýlandylar. 10 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Döwran Merdanow bilen Melike Altybaýewa dagylar birini orny eýelediler. 12 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Baýhan Jumaýewe we Aýnur Hemraýewa taý gelen tapylmady. 14 ýaşa çenli türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklarda Alijan Ahmedow we Merjen Ibragimowa dagylar ähli garşydaşlaryndan köp utuk gazandylar. 16 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Aýbek Sünnetullaýew we Mähri Aýmakowa birinjiligi hiç kime bermediler. Rapid we blis görnüşleri boýunça ýaryşlar ýaş we jyns tapawutlyklary boýunça bölünmän, garyşyk görnüşinde geçirildi we oňa ähli ýaşdaky oglanlar we gyzlar gatnaşdylar. Olaryň netijeleri boýunça Mähri Aýmakowa hemmelerden köp utuk toplady we Dänew etrabynyň çempiony diýen ada mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: