YKDYSADYÝET

«Rysgally gap» şu ýyl 700 müň halta öndürdi

Çärjew etrabynda ýerleşýän «Rysgally gap» hususy kärhanasynda şu ýylyň başyndan bäri azyk we senagat harytlaryna niýetlenilen ýokary hilli haltalaryň 700 müňden gowragy taýýarlanylyp, 102 müň 200 manatlyk iş edildi.

Şeýle-de degişli döwürde taýýar önümleriň 613 müň 435 manatlygy ýerlenildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň häzirkizaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan bu hususy kärhanada halta önümçiligi üçin zerur bolan esasy çig mal Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar. Önümçilikde 30-a golaý işçi-hünärmen zähmet çekýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: