YKDYSADYÝET

43,5 müň tonna un öndürildi

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginde işler ýokary guramaçylykly alnyp barylýar. Bu ýerde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň önümçilik iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi diýlip, welaýat neşirinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwürde önümçilik birleşigi boýunça unuň 43 müň 571 tonnasy, bugdaý ýarmasynyň 1 müň 330 tonnasy, kepegiň 13 müň 352 tonnasy, tüwiniň hem 1 müň 826 tonnasy öndürildi.

Öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 37 million 222 müň 497 manatlyga deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr diýlip, habarda bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: