SYÝASAT

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda serhetýaka söwda zolagynyň ýeri kesgitlenilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen serhetýaka Söwda merkezi, özara söwda we maýa goýumlar baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

«Türkmenistan. Altyn asyr» saýtynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi garamagyndaky düzümler bilen bilelikde bu ugurda degişli işleri alyp barýar. Şol sanda serhetýaka söwda zolagynyň, ugurdaş desgalaryň meýdanyny we ýerleşjek ýeriniň çäklerini kesgitlemek, olary ýerleşdirmegiň çyzgylaryny işläp taýýarlamak, halkara hem-de sebit lomaý söwdasy, harytlaryň geçişi, gözegçiligi baradaky düzgünler hakyndaky Tertibiň taslamalaryny milli kanunçylygymyza laýyklykda işläp düzmek hem-de beýlekiler göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: