BIZE YAZYARLAR

Saz äleminiň ägirdi

Türkmen saz sungatynyň ägirdi Mylly Täçmyradowyň çalan sazlary kämilligi bilen haýran galdyrýar. Amangeldi Gönübegiň Gulgeldi ussa bogduran on üçünji perdesine hem sygman, üçünji-dördünji, hatda ondan soňraky oktawalara çenli ýaňa öwrülip, ýaýylyp gidýän owazlar dutaryň niresinden çykýanyny bildirmeýär.

Çary Täçmämmet: «Humaralany» bizem çalyp bilýäs, onuň basan perdelerine bizem basýas. Emma, Mylly aganyňka deňleşip bilmeýäris» diýipdir.

Mylly aganyň çalan «Humaralasy» hem matal. «Humaralany» indi türkmenler poeziýanyň senasy hökmünde tanaýarlar. Şol saz çalynsa, goşgy okalaýjak ýaly bolup dur. Ýene 5—10 asyrdanam «Humarala» deý, gyzylly şaý ýaly, eşrepi ýaly şahana sazlar dörär, olary aňrybaş ussatlykda ýerine ýetirenlerem tapylar. «Humaralany» weli, 10 asyrdanam, 100 asyrdanam soň, Mylly aganyň derejesinde hiç kim çalyp bilmez. «Ussatlygyň çägi ýok» diýilýär, emma, Mylly aga bu sazy şeýle bir derejede belende göteripdir, ol nokada ikinji bir adam baryp bilmeýär. Mylly agynyňky hem şeýle, onuň çalan tapylgysyz humaýuny sazlarynyň üstünden ýarym asyrdanam gowrak wagt geçse-de, olar häzirem öz aňrybaşlygyny elden bermän gelýärler.

Onuň «Boý, Bibi»-ni edişine serediň-ä, ýolup-ýolup alýar weli, häzirki zaman estradasynyň tilsimlerini elli-altmyş ýyl mundan öň duýan ýaly. Mylla aga ýüzlerçe saz ulgamlaryny owunjak gyldyrgan ýaly, zerrelerini aňlarynda bekläp, hiç hili ýazgysyz, notasyz, ýatdan ýerine ýetirip gezipdirler.

Mylly aganyň ýerine ýetirijilik aýratynlygy gaty geň. Kakuwlarynda-da şeýle, ynha, hiç sazanda şelpäni üç gezek diňe aşak urmaz, hökman, iň bolman, başam barmagy bilen terse-ýokarlygyna kirşi kakyp, ritm döreder. Ezber Mylly aga-da weli beýle däl, onda hiç kimiň bilmeýän kakuw tilsimlerimiz örän köp ekeni.

Mylly Täçmyradow ýaş wagtlary «Ýandymyň» bir öwrümini üýtgedip, özüniň bu tapyndysyna begenip, halypasyna çalyp beripdir, şonda Kel bagşy juda gaharlanyp, «Ýandym» ganat-peri ýeten saz, ondan bir kakuwy aýyrsaň–kem, goşsaň—artyk, eger meni halypa edinesiň gelse, meniň öwredişim ýaly çal» diýip, wesýet edipdir. Ine, şonuň üçin Mylly aganyň sazlarynyň aňyrsyndan öňki geçen halypalaryň

ýol-ýörelgeleriniň asyl durkuny görüp bilýäris.

Mylly aga orta boýly, eginlek, ýognasdan gelen guýlan ýaly pyýadady, zire-zire seçelenip duran uzyn ak sakaly gapak ýaly döşüni ýapyp duran, çiginleri dykyz, bilegi ýogyn, ýörände ädimleri saldamly, agras basýan bagşy bolupdyr.

Bir gezek toýda öý içinde gije joşyp, saz çalnyp durka, birden öýüň çyrasy öçäýýär, tüm-garaňkylygyna garamazdan, Mylly aga öz çalyp oturan sazyny bölmän, ahyryna deňiç dowam edipdir, şonda bir jadyny oturanlaryň köpüsi görüpdir, ýagny, halypanyň batly şabram şelpeleri goşa tara degip, uçgun syçrapdyr.

Mylly aga şägirtlerine maslahat berende: «Sazy gowy öwrenipsiň, ýöne şu ýerlerini ýençmeli. Sazy ýagşy bişiripsiň, indi şerbet suwuny ber» diýip, öwredipdir.

Ussat sazanda bir perdeden birnäçe owaz alypdyr, göwnüniň islän owazyny hiç perdeden alyp bilmese, onda dutaryň sapyny öňe ýa-da yza gaňryp alyp, ýa-da bolmasa, kirşi ýuwaşdan gaty basyp, hiç perdäniň berip bilmeýän owazyny alypdyr…

Ogulsuraý Öwlýagulyýewa,

Saýat etrabyndakyň Sakar şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: