Futbolçy Pablo Moskwanyň «Lokomotiwini» terk eder
Moskwanyň «Lokomotiw» futbol kluby we Braziliýayň «Flamengosy» goragçy Pablonyň brazil toparyna geçmegi barada ylalaşyga geldiler. Bu barada habar «ТАСС» berýär.
«Flamengonyň» braziliýaly oýunçy bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti barada habar brilmeýär.
Pablo 30 ýaşynda, ol «Lokomotiwde» 2021-nji ýylyň ýanwaryndan bäri oýnady. Toparyň düzüminde futbolçy 31 oýna gatnaşdy we iki gol urdy.
Pablo demirýolçylaryň meýdanyny terk eden «Lokomotiwiň» ilkinji daşary ýurtly oýunçysy boldy. Moskwanyň bu klubynda goragçylar Tin Edwaý we Maseý Rybus, ýarym goragçylar Jirano Kerk we Aleksis Beka Beka, şonuň ýaly-da, hüjümçiler Ýan Kuhta Wilson Izidor we Fransua Kamano dagylar galýarlar.