Lebap welaýatynda gar gatyşykly ýagyş ýagar
Türkmenistanyň ähli sebitlerinde, şol sanda Lebap welaýatynda hem şu hepdede gar gatyşykly ýagyş ýagyp, howa gijelerine sowar. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy merkezi neşirlerde habar berdi.
Hepdäniň dowamynda Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna we gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna garaşylýar.
Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser.
Hepdäniň käbir gijelerinde howanyň derejesi -9 gradusa çenli düşer, käbir gijelerde bolsa +3… +8 gradus aralygynda maýyl bolar.
Şeýle-de, bolsa fewraldaky bahar howasy gündizki hökümini ýöreder. Welaýatda gündizlerine -3… +2 gradusdan +13… +18 gradus aralygynda maýyl bolar.
Zakir KERIMBERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.