SYÝASAT

Saýlaw uçastoklarynda baýramçylyk dabaralary guralýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär.

Şu gün ýurduň beýleki sebitleri bilen bir hatarda Lebap welaýatdaky ähli saýlaw uçastoklarynda baýramçylyk ruhy höküm sürýär. Olaryň ählisinde ir ertirden giç agşama çenli  aýdym-sazly çykyşlar we ýerli alyjylar birleşikleri tarapyndan göçme baýramçylyk söwdalary guralýar. Welaýat boýunça merkezi dabaralar bolsa welaýat kitaphanasynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň öňündäki meýdançalarda geçirilýär.

Ir sagat 7-de başlan ses berlişik agşam 19-da tamamlanar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: