SYÝASAT

40 saýlaw uçastogynda web kameralar oturyldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary üçin Lebap welaýatynda 567 saýlaw uçastogy döredildi.

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar tarapyndan berilýän maglumatlara görä, şolaryň 40-sy web kameralar bilen üpjün edildi. Bu bolsa saýlawlaryň barşyna toparyň «saylav.gov.tm» resmi saýty arkaly onlaýn tomaşa edip bolýandygyny görkezýär.

Saýlawlara jemi 728 müň 786 saýlawçy gatnaşýar. Ir sagat 7-de başlan ses berlişik agşam 19-da tamamlanar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: