SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Dostluk ordeni bilen sylaglanyldy

Russiýa Federasiýasyna 10-njy iýunda geçiren resmi sapary döwründe bu ýurduň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Dostluk ordenini gowşurdy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu sylaga iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy. Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň bu wezipä saýlanmazyndan ozal hem dürli döwlet wezipelerinde işlän wagtynda, birnäçe bilelikdäki başlangyçlary hem-de möhüm ylalaşyklary işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gatnaşandygyny belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: