SYÝASAT

Hazardaky «Dostluk» ýatagy boýunça Ähtnama durmuşa geçirilýär

Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we özleşdirmek hakyndaky hökümetara Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan iş toparynyň iki günlük mejlisi geçirildi.

Nobatdaky duşuşykda türkmen tarapyna Iş toparynyň türkmen böleginiň başlygy, Döwlet ministri – «Тürkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, azerbaýjan tarapyna – Azerbaýjan Respublikasynyň energetika ministri P.Şahbazow ýolbaşçylyk etdiler. Mejlise şeýle-de «Тürkmennebit» döwlet konserniniň başlygy, Hazar deňzi institutynyň direktory, Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hem-de «Тürkmengeologiýa» döwlet konserniniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň mart we maý aýlarynda geçirilen mejlisleriň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň derwaýys meselelerine seredip geçdiler. 
Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny we özara düşünişmelerini has hem pugtalandyrmak, bu ugurda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň hemmetaraplaýyn açylmagy maksady bilen, 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: