BIZE YAZYARLAR

Saýawanyň döreýşi

 Güneşli günlerde biz ýiti şöhleden goranmak üçin saýawan ulanýarys. Emma ilkinji gezek onuň nirede hem-de nähili maksat bilen adamzadyň durmuşyna ornaşandygyny köpler bilmeýän bolsalar gerek. Geliň, olaryň döreýiş taryhy bilen tanşalyň.

Aslynda taryhda saýawan ýagyşdan, çygly howadan däl-de, günüň güýçli şöhlesinden goranmak üçin oýlanyp tapylypdyr. Günden goranyjy ilkinji saýawanlar 4 müň ýyl mundan öň gadymy Müsürde peýda bolupdyr. Ilki başda olary ýönekeýje edip ýasapdyrlar. Ol iki gatdan ybarat bolup, ýokarsy palma agajynyň ýapragyndan, ýagny, gün goraýjy, aşaky gatlagy bolsa ýapraklary saklamak üçin tutawaç taýakdan durýar eken.

Ilkinji suwa çydamly saýawanlar Hytaýda XI asyrda ýüze çykypdyr. Ol saýawan ýüpekden bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen olar Ýewropa ýurtlarynyň aglabasyna ýaýrapdyr. Şol ýyllarda gadymy Gresiýada hem-de Italiýada saýawanlar aýal-gyzlar tarapyndan bezeg hökmünde ulanylypdyr. Saýawanlaryň ýapylyp açylmak mümkinçiligi hem bolupdyr. Käwagtlar bolsa olar gün şöhlesinden goranmak maksady bilen at goşulgy araba ýa-da paýtuna birikdirilipdir.

XVI-XVII asyrlarda saýawanlar Ýewropa ýurtlaryna giňden ýaýrap başlapdyr. Şol döwürler saýawanlary ýüpek, deri, ýelek we beýleki gymmat bahaly materiallardan öndüripdirler. XVIII asyrdan başlap, ýagyş damjasyndan goranmak üçin saýawanlary gündelik durmuşynda diňe bir zenanlar däl-de, erkekler hem ulanyp başlapdyrlar. Tehnologiýanyň we önümçiligiň ösmeginiň netijesinde täze önümler bazarlara gelip başlapdyr. Şeýdip, gün saýawanlary ýagyşdan goranmak maksady üçin ulanylyp başlanylýar.

 Ilhom Meňlikulow,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: