64 öýjükli şaşka boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebinde 64 öýjükli şaşka boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden, Dänew, Darganata, Farap, Hojambaz etraplaryndan 18 oglan we 14 gyz gatnaşdy.

Dört günläp dowam eren ýaryşlara Türkmenabatdan iň köp adam — 17 şaşkaçy gatnaşdy. Olar gowy netijeleri görkezdiler we ähli baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Oglanlaryň arasynda Farhat Arslanow, Kurban Jumaýew we Ýusup Rozyýew dagylar degişlilikde birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda Mahym Metiýewa, Jahan Ýoldaşowa we Maral Haitowa dagylar baýrakly orunlary eýelediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector