JEMGYÝET

Indi Türkmenistanda şaýatlar kazyýet mejlislerine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp bilerler

Ýakynda kabul edilen we güýjüne giren «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda şaýatlaryň we beýleki gatnaşyjylaryň kazyýet mejlislerine sanly wideoaragatnaşyk ulgamyndan peýdalanmak arkaly gatnaşmak mümkinçiligi göz öňünde tutuldy.

Şeýle mümkinçilik Kazyýetlerde sanly wideoaragatnaşygy amala aşyrmak üçin tehniki mümkinçilikler bolan halatynda halatynda amala aşyrylyp bilner. Kanunda «taraplaryň haýyşnamasy ýa-da kazyýetiň başlangyjy boýunça işe gatnaşýan adamlar, olaryň wekilleri, şeýle hem şaýatlar, bilermenler, hünärmenler, terjimeçiler sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly kazyýet mejlisine gatnaşyp bilerler» diýlip görkezilen.

Bu görnüş ýapyk kazyýet mejlislerinde ulanylyp bilinmeýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: