Saýat şäheriniň ýaşaýjysy (Türkmenistan) äpet hyýar ýetişdirdi

Nov 5, 2020

Saýat şäheriniň ýaşaýjysy (Türkmenistan, Lebap welaýaty) Hemra Babaýew bakjasynda agramy 27 kilogram 134 grama barabar hyýar ýetişdirdi. Onuň uzynlygy 96 santimetre, iň ýogyn ýeriniň daşynyň aýlawy bolsa 83 santimetre ýetýär.
69 ýaşly Hemra Babaýew etrabyň 3-nji «Şöhle çagalar bagynda ýeňil iş bejeriş ussasy bolup işleýär. Birnäçe ýyl mundan ozal ol aýaly Zöhre Babaýewa bilen Saýat etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasyna degişli ýerden 20 sotok bölek alyp, onda miweli bagy dikeltmek barada şertnama baglaşypdyr. Häzir ol bu ýerden gowy hasyl alýar. Är-aýalyň bagynda armyt, ülje, injir, erik, garaly, çereşnýa ýaly agaçalryň 100 düýp gowragy ösýär. Agaçlaryň aşagynda uly bolmadyk ýer böleginde bolsa pomidor, badamjan, hyýar, ýer tudanasyny hem ýetişdirýär. Ýeriniň gapdalynda ýönekeýje mal agylyny gurup, onda üç sany sygyr saklaýar. Mallaryň dersi ekinlere dökün bolýar.
Bu ýyl hyýaryň biýarasynyň bir goly çyrmaşyp, mal agylynyň üstüne çykypdyr. Hemra Babaýew muňa känbir ähmiýet hem bermändir. Bir gezek onuň uly ogly Merdan agylyň üstüne çykyp, kakasyna ol ýerde täsin ululykdaky üç sany hyýaryň ösüp durandygy barada aýdypdyr. Hemra aga oňa degmezligi, ýene-de birazajyk garaşyp, näme boljagyna garaşmagy teklip edipdir. Şeýlelikde üç hyýary oktýabr aýynyň 30-ynda ýolupdyrlar. Onuň tohumynyň ýere sepileninden ýolunýança, ýedi aý töweregi wagt geçipdir.
— Biz bu ekine ýörite garaşyk etmedik. Onuň biýarasy ýer tudanasy ekilen joýada gögerdi. Şonuň üçin hem oňa ýer tudanasyna beren dökünlerimiz berdik — diýip, Hemra Babaýew gürrüň berýär.

Ol ekine mineral dökünlerden başga, çüýredilen ders beren eken. Är-aýalyň ikisi hem şeýle äpet hyýarlaryň nädip ýetişendiklerine özleri hem haýran galýarlar. Ony tebigatyň gudraty diýip hasap edýärler. Ýöne geçen ýyl hem, bu ýylkysy ýaly bolmasa-da, uly hyýaryň ýetişendigini aýdýarlar.
Üç hyýaryň iň kiçisiniň agramy 21 kilograma barabar, beýlekisini bolsa ölçäbem oturmandyrlar.
Dünýäde uly hyýarlary ýöriteläp ýetişdirýän adamlar hem bar. Beýik Britanyýaly Alf Kobb şolaryň biridir. Ol ekinleriňe gowy garaşyk etseň, täsin hasyl alyp bolýandygyny subut etdi. 2003-nji ýylda onuň ýetişdiren hyýarynyň uzynlygy 92 santimetre, agramy bolsa 12,5 kilograma ýetdi. Bu önüm Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Britaniýaly fermer Ragbir Sagbera uzynlygy 129,54 santimetre barabar bolan hyýary ösdürip ýetişdirmegi başardy. Ol hem iň uly hyýar hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Eger ýatkeşsizligi zyýan etmedik bolsa, 2010-njy ýylda ýetmiş sekiz ýaşly britaniýaly Klers Pirs hem bu kitaba girip bilerdi. Ol resminamalaryny ibermegi ýadyndan çykarypdyr we onuň bar çeken zähmeti puç boldy. Ýöne näme bolsa-da, onuň alan hasyly goňşularyny we tanyşlaryny haýran galdyrdy. Ol hem dünýäde iň uzyn hyýarlaryň birini ýetişdirmegi başarypdyr. Onuň uzynlygy 119 santimetre barabar bolupdyr.
Butçu Toltonu bolsa özüniň şöhrata kowalaşmaýandygyny aýtdy. Noskwilde (ABŞ-niň Merilend ştaty) ýaşaýan ýetmiş iki ýaşly daýhan uzynlygy 109,22 santimetre ýetýän hyýar ýetişdirdi. Ýöne bellige almak üçin Ginnesiň rekordlar Kitabyna resminamalaryny tabşyrmakdan ýüz dönderdi. Özüniň boýun gaçyrmagyny munuň aladasynyň köpdügi bilen düşündirdi.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: