YKDYSADYÝET

Saýat etrabynda täze çagalar bagyny ulanmaga tabşyryş dabarasy boldy

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Guşçy obasynda täze çagalar bagy ulanylmaga tabşyryldy. Netijede etrapda çagalar baglarynyň sany 25-e ýetdi. Bu çagalar bagyny «Ussat Tirkiş» hususy kärhanasynyň gurluşykçylar bina etdiler.

Iki gatly çagalar bagynyň daşynda körpeleriň oýnamaklary, daşky dünýä bilen tanyşmaklary üçin ähli şertler döredilipdir. Jaýyň içinde sapak geçmek we dynç almak üçin niýetlenen otaglardan başga-da, sport zaly, aýdym-saz, lingafon, kompýuter otaglary, ýapyk howuz we beýeki otaglar bar. Olaryň ählisi bilim-terbiýeçilik işlerini alyp barmak üçin gerekli enjamlar we görkezme esbaplar bilen üpjün edilipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: