YKDYSADYÝET

Saýatly daýhan zenan gektar başyna 60 sentnere ýetirip «ak altyn» alýar

Akgözel Jumalyýewa Saýat etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ussat kärendeçileriniň biri.

Munuň şeýledigine Akgözeliň geçen ýylda gazanan netijelerine nazar aýlanyňda hem doly göz ýetirmek bolýar. Tejribeli kärendeçi geçen ýylda güýzlük bugdaýyň hasyllylygyny her gektarda 52 sentnere ýetirmegiň hötdesinden geldi. Bu görkeziji pagtaçylykda bolsa 60 sentnere barabar boldy.

Geçen ýyl Akgözel Jumalyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: