DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Saud Arabystanynda täsin diň gurulýar

Täsin binagärlik çözgütleri bilen tanalýan Saud Arabystanynda täze diň gurulýar. Ýurduň Troýen daglyk syýahatçylyk merkezinde, deňiz derejesinden 1500 metr belentlikde bina edilýän kristal görnüşli bu täsin diňiň beýikligi 330 metre barabar bolar. 

Ol köpsanly kristal sütünlerden ybarat bolup, onuň düzüminde tomaşa ediş meýdançasy we restoran bolar. Şonuň ýaly-da täsin binanyň içinde Saud Arabystany bilen ýakyndan tanyşmak üçin syýahatçylara başga-da giň mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. 

Diňiň gurluşygyny 2029-njy ýylda geçiriljek gyşky Aziýa oýunlaryna çenli doly tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: