«Geljegiň ulagy» öndürildi
Awstriýanyň Сyclo Tech kompaniýasynyň öndüren täze aeromobili «geljegiň ulagy» diýen derejä eýe boldy. «CruiseUp» diýlip atlandyrylan bu döwrebap ulagyň agramy 80 kilogram bolup, ol howada deňagramlylygy saklamakda we ýere gonmakda beýleki uçar görnüşli ulaglardan ep-esli tapawutlanýar.
Bu ulaglary dolandyrmak köp güýji, uzyn uçuş-gonuş zolagyny talap etmeýär. Iki ýolagçy orunlyk ulaglaryň uzynlygy 6,7 we ini 3,3 metrdir. Onuň aňrybaş tizligi sagatda 150 kilometre barabar bolup, ol 100 kilometre çenli aralygy geçmäge ukyplydyr.
Kompaniýanyň bu ulaglary diňe bir owadan görnüşe eýe bolman, eýsem, ýolagçylaryň howpsuzlygy üçin döredilen oňaýlyklary hem özünde jemleýär.